Türkiýede Magtymgulynyň ýubileýine we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi

  • 07.12.2024 22:51
  • 3.9k+

5-nji dekabrda Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly  halkara ylmy-amaly maslahaty, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklary assosiasiýasy (EkoAvrasya) we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan guraldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Maslahata Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdylar.
Ylmy maslahatda çykyş edenler Magtymgulynyň eserlerindäki ynsanperwerlik ýörelgeleriň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýelemän, eýsem dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şeýle maslahatlaryň geçirilmegi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Soňra Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Mundan başga-da, tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşyjylara, Türkiýede geçirilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleri gurnamakda we geçirmekde işjeň goldaw beren wekillere gymmat bahaly sowgatlary we minnetdarlyk şahadatnamalary gowşurdylar.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......