Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalar toplumy açyldy

  • 07.12.2024 22:44
  • 18k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky düýpli täzelenen täze döwrebap binalary we desgalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täze ulanylyşa girizilen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasy, 486 inedördül metre barabar ulag serişdeleriniň we harytlaryň resmileşdirmesi amala aşyrylýan binalaryň ikisi, umumy meýdany 966 inedördül metre deň bolan awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalaryň ikisi, gulluk itleriniň saklanylýan ýeri, gümrük nokadynyň Türkmenistan we Özbegistan tarapynda derwezeleriň ikisi, şeýle hem birnäçe durmuş we tehniki maksatly döwrebap desgalar guruldy. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde öňden bar bolan desgalaryň birnäçesiniň durky düýpli täzelendi. Täze binalaryň we desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen bu gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektar bolanlygyndan 10 gektara çenli giňeldildi.

Gözegçilik-seljeriş otagynda häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň kämil tehnologiýalary, döwrebap monitorlar we sanly ulgamyň beýleki enjamlary, awtoulag serişdelerini we harytlar baradaky maglumatlary seljermäge we gümrük gözegçiligini ygtybarly amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Şeýle-de dolandyryş binasynda kompýuter enjamlary, döwrebap mebeller we beýleki zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilen birnäçe gulluk iş otaglary ýerleşýär. Mundan başga-da dolandyryş binasynda maslahatlar hem-de duşuşyklar geçirmeklige niýetlenen 60 orunlyk mejlisler zaly ýerleşýär.
Täze gümrükhananyň awtoulaglary gümrük barlagyndan ygtybarly geçirmäge mümkinçilik berýän gözegçilik bassyrmalary öňki ýagdaýyndan iki esse ulaldylyp, birwagtyň özünde 16 sany awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde ulag serişdeleriniň döwlet belgileri we beýleki maglumatlar ýörite elektron monitorlaryna sanly ulgam arkaly geçirilýär. Gümrük nokadynyň ulag geçirijiligi bir günde her tarapa 250 awtoulaga deň bolanlygyndan, täze binalaryň we desgalaryň gurlup, işe girizilmegi bilen, bir günde 500 awtoulaga, umumylykda bolsa, 1000-e çenli awtoulag serişdesini geçirmeklige mümkinçilik berýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......