“SpaceX-yň” raketasy bir ýylda "NASA-nyň Space Shuttle-nyň" 30 ýylda uçuran gämilerinden has köp uçuş eder

  • 06.12.2024 14:56
  • 2.3k+

“SpaceX” kompaniýasy gaýtadan ulanylýan “Falcon 9” raketasy bilen täze rekord goýmagyny dowam etdirýär. Geçen hepde kompaniýa raketanyň 400-nji uçuryşyny üstünlikli tamamlady.

“Falcon” programmasynyň bir bölegi hökmünde kosmos gämilerini daşaýjynyň 375-nji gaýdyp gelişi hasaba alyndy. Şeýle-de onuň gonuş bilen uçuş aralygyndaky wagty üçin hem täze rekord gazanyldy. Ol wagt bary-ýogy 13 gün 12 sagada deň boldy.
Noýabr aýynda “SpaceX” 16 sany raketa uçuryşyny amala aşyrdy, bu bolsa kompaniýa üçin rekord görkezijidir. “SpaceX-iň" wise-prezidenti Kiko Donçew dekabr aýynda ýene 15 uçuryşyň meýilleşdirilýändigini aýtdy diýip, 
ixbt.com ýazýar.
Bu ýyl kompaniýa ozalky rekordyndan hem öňe geçdi, ol 2023-nji ýylda 92 uçuryşy amala aşyrypdy. “SpaceX” ýylyň ahyryna çenli ýene iki sany “Falcon Heavy” missiýasyny goşmak bilen, uçuryş sanawyny 136-a ýetirip biler.
“Falcon 9” bir ýylda "NASA Space Shuttle-iň" 30 ýyldakysyndan (135) has köp tabşyrygy ýerine ýetirip biler.
Şeýle-de “Falcon 9-yň" bir uçurylyşynyň bahasy 15 million dollardyr. Bu bolsa “Space Shuttle-iň" uçuryşyndan 100 esse arzan bolýar. Onuň uçuryş bahasy takmynan 1,5 milliard dollar diýip, 
arstechnica.com habar berýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....