Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

  • 06.12.2024 12:31
  • 3.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan döwlet gurluşyny berkitmekde, halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda nygtalýar. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde Sadyr Žaparowyň uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Sadyr Žaparow 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda doguldy. Ol 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndan bäri Gyrgyzystanyň Prezidenti wezipesini eýeleýär. 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwaryna çenli ýurduň premýer-ministri boldy.


şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.4k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......