Türkmenistan Özbegistana iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrar

  • 06.12.2024 00:12
  • 11k+

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistana tebigy gazyny iberýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk goňşy döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýetini bellediler.
Şeýle hem ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçilikleri nygtaldy. 
Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew suw hojalygy ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, sebitde suw meseleleri: birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, suw serişdelerine erkin we  adalatly elýeterliligiň  halkara ýörelgeleri esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir we üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryny, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasyny giňden çekmek arkaly seredilmelidir.
Şawkat Mirziýoýew şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady hem-de bu meselede Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli özara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellenildi.
Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......