OpenAI baýramçylyklar mynasybetli yzygiderli 12 gün emeli aň täzeliklerini görkezer

  • 05.12.2024 20:29
  • 4.3k+

OpenAI baýramçylyklar mynasybetli emeli aň pudagynda birnäçe anons geçirer. 12 günüň dowamynda kompaniýa wideo modelleri ýa-da baýramçylyklara bagyşlanan funksiýalar ýaly bu ugurda täze işläp taýýarlamalary hödürlär. OpenAI-yň baş müdiri Sem Altman bu barada DealBook konferensiýasynda aýtdy we her günüň bir täze anonsa bagyşlanjakdygyny belledi diýip, The Verge habar berýär.

Kompaniýa ýetip gelýän Roždestwo mynasybetli 12 günlük reliz marafonyny gurnaýar. Shipmas diýlip atlandyrylan aksiýa 5-nji dekabrda başlaýar.
Esasy täzelikleriň biriniň tekst beýanynyň esasynda wideo döretmek üçin niýetlenen Sora modeliniň bolmagyna garaşylýar. Ýöne soňky hepdelerde bu tehnologiýanyň işlenip taýýarlanmagy dawaly mesele boldy. Synag edijiler OpenAI kompaniýasyny özlerine basyş edip, modeliň “oňyn imijini” döretmek synanyşygynda we tehnologiýany işläp taýýarlamaga gatnaşandyklary üçin kompensasiýa tölemezlikde aýyplady.
Ýene bir garaşylýan anons ChatGPT üçin baýramçylyk täzelenmesi bolar. Ulanyjylar Santanyň stilinde täze ses kömekçisiniň peýda bolmagyna yşarat edýän elementlere üns berdiler.
Mundan öň emeli aň bazarynda wideo döretmek üçin Google-yň Veo önümi peýda boldy, ýöne ol Vertex AI platformasy arkaly çäkli synag režiminde elýeterlidir.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...