Keniýada adamyň gadymy ata-babalarynyň adaty bolmadyk yzlary tapyldy. Olaryň 1,5 million ýyllyk ýaşy bar

  • 05.12.2024 12:36
  • 11k+

Keniýada arheologlar gadymy adamlaryň iki görnüşiniň galyndy yzlaryny tapdylar. Tapyndy, takmynan 1,5 million ýyl ozal olaryň şol bir sebitde bile ýaşandyklaryny subut edýär diýip, Science žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Reuters ýazýar.

Homo erectus-yň (dik ýöreýän adam) we Paranthropus boisei-niň (Boýsyň parantropy) yzlary Türkana kölüniň golaýyndaky Koobi-Fora sebitinde tapyldy. Paranthropus boisei-niň yzlary ulularyň goýan, uzynlygy 26 santimetre çenli bolan 12 yzyň tirkeşiginden ybarat. Olaryň golaýyndan tapylan üç sany yz perpendikulýar görnüşde bolup, uzynlygy 20,5-den 23,5 sm aralygynda üýtgeýär. Alymlaryň pikirine görä, olaryň ikisi ýetginjek Homo erectus-a degişlidir.
ABŞ-nyň Çatam uniwersitetiniň biologiýa kafedrasynyň dosenti Kewin Hatala: "Bu bir landşaftdaky iki görnüşiň bilelikde düşürilen ilkinji göni suraty" – diýip belledi.
Barlagçylar iýmitlerindäki dürlüligiň we iýmit tapyş usullarynyň tapawutly bolmagynyň görnüşleriň arasyndaky bäsdeşligi azaldyp biljekdigine ynanýarlar. Paranthropus boisei ösümlikler bilen iýmitlenipdir, Homo erectus bolsa aw awlamak we eti gaýtadan işlemek üçin gurallary ulanypdyr.
Iki görnüşi hem häzirki zaman adamlarynyň ata-babalary hasaplanýar. Boýsyň parantroplary, takmynan, 2,3-1,2 million ýyl ozal ýaşap geçipdir. Olaryň boýy çen bilen 137 sm bolup, kellesi iri çeýneýiş myşsalaryna laýyk gelipdir, hatda erkek gorillalaryňky ýaly uly kekeçleri, şeýle hem uly azy dişleri bolupdyr. Görnüşleriň wekilleriniň aýaklary maýmynlaryň penjesine meňzäpdir.
Dik ýöreýän adam 1,89 million - 110 müň ýyl ozal ýaşap geçipdir we 145-185 santimetre çenli ösüpdir. Olaryň uly gaş gerişleri bolupdyr we beýnisi häzirki zaman adamlarynyňkydan kiçi bolsa-da, Boýsyň parantroplarynyňkydan uly bolupdyr.
Täze maglumatlar bu iki görnüşiň, gönüden-göni bäsdeşlige girmezden, 200 müň ýyllap ýanaşyk ýaşap gelendigini tassyklaýar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......