Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

  • 05.12.2024 11:08
  • 8.5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sammitiň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....