Türkmenistanda Gresiýanyň ilçisi işe başlady

  • 04.12.2024 11:32
  • 2.3k+

3-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Gresiýanyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropulunyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy diplomaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem täze ilçä türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan düýpli özgertmeler barada maglumat berildi.
Türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Mejlisiň demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak babatda alyp barýan köpugurly işi ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......