Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň 2035-nji ýyla çenli niýetlenen milli kosmos strategiýasynyň bir bölegi bolar.
Premýer-ministr Kiriakos Misotakisiň diwanynyň habar bermegine görä, Gresiýanyň ilkinji kosmos missiýasynyň düzümine Ýewropa kosmos agentliginiň astronomy we kosmos lukmançylygy boýunça lukmany Adrianos Golemis girer. Ekspedisiýanyň dowamlylygy üç hepdeden köp bolmaz.
HKS-de bolýan wagtynda astronawt Gresiýanyň uniwersitetleri, gözleg toparlary we ylmy guramalary tarapyndan taýýarlanan birnäçe ylmy synaglary hem-de tehnologik görkezişleri ýerine ýetirer. Uçuş maksatnamasy barada giňişleýin maglumat entek ýok.
Bu taslama Ýewropa kosmos agentliginiň kosmonawtlary taýýarlamak maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Premýer-ministriň sözlerine görä, Gresiýa ýakyn dört ýylyň dowamynda kosmos taslamalaryny ösdürmek üçin Ýewropa tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň, takmynan, 350 million ýewrosyny çeker.
Ýurduň häkimiýetleri dolandyrylýan kosmos maksatnamasyna gatnaşmagyň milli ylmyň ösmegine ýardam etjekdigine, şeýle hem aerokosmos pudagynda işleýän grek kompaniýalary üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýar.