Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini ýurduň Milli güni bilen gutlady

  • 02.12.2024 10:34
  • 6.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny aýdyp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, BAE-niň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.

Her ýylyň 2-nji dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleri Milli gününi baýram edýär. Baýram şeýle hem Al-Ittihad güni diýlip hem mälimdir. Bu senede 1971-nji ýylda Şernamalaýyn Omanyň (Pars aýlagynyň günorta kenaryndaky şeýhlikleriň birleşigi) ýedi Emirliginiň altysy Birleşen Arap Emirlikleri atly federasiýanyň döredilendigini yglan etdiler. Ýedinji Emirlik - Ras-el-Haýma 1972-nji ýylyň 10-njy fewralynda oňa goşuldy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......