Wodorodda işleýän ýük ulagy, goşmaça ýangyç guýulmazdan, 2906 km ýol geçip, täze dünýä rekordyny goýdy

  • 01.12.2024 11:34
  • 8.1k+

Accelera H2Rescue wodorod ýangyç elementli ýük ulagy goşmaça ýangyç guýulmazdan 2906 kilometr ýol geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ulag 18-nji oktýabrda ýola düşüp, syýahatyny 25-nji noýabrda Kaliforniýada tamamlady.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň synçylary 175 kilogram wodorod guýlan ýük ulagynyň ýangyç bagyny ugramazyndan ozal möhürlediler. 250 kWt kuwwatly hereketlendirijisi bolan awtoulag sagatda ortaça 80-90 kilometr bilen hereket etdi. Ýedi günde 168 kilogram wodorod sarp etdi, ýekeje gram hem kömürturşy gazyny çykarmady.
H2Rescue programmasynyň tehniki ýolbaşçysy Pratik Waýş bu taslamany nol zyňyndyly ulaglaryň ösüşinde möhüm ädim diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, wodorod ýangyç hökmünde öz artykmaçlyklaryny görkezdi, ýagny sesi örän pes we zyýanly zyňyndylary ýok. Ýeke-täk “kemçiligi” - suw we bug çykarýar.
Waýşyň pikirine görä, bu rekord ulag pudagynda, esasanam, uzak aralyga ýük daşamakda wodorody ulanmagyň geljeginiň bardygyny tassyklaýar.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......