Türkmenistan BMG bilen strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär

  • 30.11.2024 17:49
  • 2.2k+

Ýurdumyzda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy üç ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda

  • “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”;
  • BMG-niň agentlikleriniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamasynyň;
  • “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”;
  • Howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň taslamalary bar.

2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde taýýarlan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly döwletimiziň üstünliklerine, şol sanda zerur bolan maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Belläp geçsek, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredildi.


düýn 11:32
2.1k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....