Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çykarar

  • 30.11.2024 13:35
  • 2.7k+

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnaly dörediler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa žurlany döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlenen wezipelere, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler.
Döwlet Baştutany «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......