Türkmenistan ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça maslahata gatnaşdy

  • 30.11.2024 10:54
  • 5k+

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili çykyş etdi. Sebitdäki ýadro ýaragyndan azat zolaglar bilen hyzmatdaşlygyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara tagallalaryny birleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeleri bellenildi.
Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çykyş etdi, agzalan agentligiň Geňeşiniň hasabatlary, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Ekologiýa şertlerini nazara almak bilen, Latyn Amerikanyň ýadrosyz statusyny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmäge, ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň işiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Hususan-da, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyna garaldy.


düýn 19:38
3.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......