Aşgabatda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi

  • 28.11.2024 17:25
  • 2.2k+

27-nji noýabrda Aşgabatda “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Ol «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparynyň daşary ýurt agza ýurtlary, halkara we sebit guramalary, hususan-da BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary, Topara agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ulag pudagynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen, BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri hanym Gwi-Ýeop Son, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D. Marýasin, şeýle hem BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Lin Ýan çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dünýä derejesinde ulag ulgamlarynyň durnukly ösüşi babatynda täze täsirli çözgütleriň işlenip düzülmegini goşmak bilen, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini has hem kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Durnukly ulagyň dostlary toparyna goşulmak islegini mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine hem garaldy.
Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014, 2015, 2017, 2021 we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarynda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar dünýä we sebit derejesinde durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we BMG-niň 2026–2035-nji ýyllaryň «Durnukly ulagyň onýyllygyna» taýýarlyk görmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama kabul edildi.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......