Türkmenistanyň Mejlisinde we DIM-nde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

  • 28.11.2024 08:14
  • 2k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti hanym Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeler, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda parlamentara gepleşikleri ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin okuw maslahatlaryny bilelikde geçirmegiň we dowam etdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi. 

Şol gün Pia Kauma şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar bitarap Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ykdysady ösüşiň bähbidine energetika howpsuzlygynyň we durnukly ulagyň häzirki zaman arhitekturasyny ösdürmäge ygrarlydygyny nygtadylar.
Taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......