Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiri tanyşdyryldy

  • 27.11.2024 14:54
  • 2.6k+

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler.
Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde jemi 1000 nusgada çap edilen, Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edilen nusgawy şahyryň täze goşgular ýygyndysyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň giriş sözleri bilen başlanýan bu kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşurylan Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.
Çäräniň barşynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen bölüminde bilim alýan talyplar Magtymgulynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar. Soňra Türkmenistanyň Ilçisi we hormatly myhmanlar şahyryň hytaý dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.
Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan bilen duşuşdy. Taraplar türkmen we hytaý dillerini öwrenmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny degişli maksatnamalaryň çäginde terjime etmek boýunça işleri dowam etdirmäge ünsi çekip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektoryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....