Arkadag şäheri Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp boldy

  • 27.11.2024 10:48
  • 5.4k+

Arkadag şäheriniň gurluşygy Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi. Bu barada TDH ýetirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 26-njy noýabrda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynda D.Orazow degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga Türkmenistanyň Prezidentinden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Gurbanguly Berdimuhamedow D.Orazowyň haýyşyny Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy.


şu gün 11:32
1k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

25.05.2026 15:17
6.5k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....