Gibraltarda gadymy adamlaryň ýelim “kärhanasy” tapyldy

  • 26.11.2024 13:32
  • 13k+

Arheologlar Gibraltardaky Wangard gowagynda 65 000 ýyl mundan ozal neandertallaryň şepbigi gaýtadan işlemek üçin guran gadymy ojagyny tapdylar diýip, ScienceDirect habar berýär.

Bu gurluş diametri 22 sm we çuňlugy 9 sm bolan tegelek çukurdan ybarat. Geçirilen derňewleriň netijelerine görä, gurluş ýelim şepbigini ýasamak üçin ladan ýapraklaryny gaýtadan işlemekde ulanylanylypdyr.
Gözlegçiler ojakda kömür, bölekleýin ýakylan ladan, sowadylan ösümlik şepbiginiň ownuk kristal böleklerini we ojakda ýerli gyrymsy agaçlaryň inçe şahalaryny tapdylar.


Gadymy adamlar çukury ýapraklar bilen dolduryp, olaryň üssüni çyg gum we guano garylan toprak bilen örten bolsalar gerek. Pes kislorod şertlerinde 150°C-e çenli gyzdyrylanda ýapraklar goýy goňur şepbigi bölüp çykarypdyrlar. Bu şepbik agaç naýzalara daş peýkamy dakmak üçin ulanylypdyr.
Gipotezany tassyklamak üçin alymlar bu prosesi täzeden gaýtalap gördüler. Olar dört sagadyň içinde iki nusgany üpjün etmek üçin ýeterlik şepbik öndürdiler.
Bu proses iki adamyň gatnaşmagyny talap etdi: biri oda gözegçilik edýär, ikinjisi – ýapraklara. Bu açyş neandertallaryň diňe bir inženerçilik we temperatura gözegçilik etmek ukybyny görkezmän, eýsem olaryň topar bolup işläp bilmek ukybyny hem görkezýär.


düýn 17:37
1.9k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......