Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

  • 26.11.2024 13:13
  • 3.9k+

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge goşan uly goşandy bellenildi. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplandy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “ADNOC” kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi.

“Bu Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygymyzy beýan edýäris. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wekillerini BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Halk Maslahatynyň Başlygy uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda öndürilýän gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny, ýakynda bolsa “Galkynyş” gaz käninde çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metre deň bolan täze tebigy gaz akymynyň alnandygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....