Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçiriljek mejlisine gatnaşmaga çakylyk aldy

  • 26.11.2024 13:03
  • 4.9k+

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. TDH-nyň habar bermegine görä, Binali Ýyldyrym Gurbanguly Berdimuhamedowy Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Budapeştde geçiriljek mejlise geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, Binali Ýyldyrymy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......