Daşkentde Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 23.11.2024 21:31
  • 2.8k+

Özbegistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 12-nji sebitleýin ýygnagy geçirildi. Bu çäre Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Germaniýanyň Federal Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş ministrliginiň adyndan ýerine ýetirilen taslamanyň çäginde gurnaldy diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" ýazýar.

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy.
Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet ösümlik karantin gullugynyň, Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen Assosiasiýasynyň hünärmenleri wekilçilik etdiler.
Duşuşykda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak we hususy pudagyň söwda hem-de logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ikinji gününde logistika infrastrukturasyny ösdürmek, elektron şahadatnamalary girizmek, administratiw päsgelçilikleri azaltmak we sebit hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak üçin söwda ýagdaýlaryny sazlaşdyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş toparynyň ýygnaklary guraldy.
Gatnaşanlar serhetara söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýa integrasiýasynyň we bilelikdäki hereketleriň möhümdigini bellediler.


düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......