Dubaýda rekord 300 kg-den gowrak agramly altyn tokgasy ýasaldy

  • 23.11.2024 20:26
  • 15k+

Dubaýyň Emirates Minting Factory kompaniýasy agramy 300 kg-den gowrak bolan dünýäde iň uly altyn tokgasyny ýasap, Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Bu barada emirligiň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

“Emirates Minting Factory 300 kilogramdan gowrak agramly iň uly altyn tokgasyny taýýarlap, Dubaý üçin täze dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasy Dubaýda gymmat bahaly metallar boýunça maslahatyň ýapylyş dabarasynda bu üstünligiň nyşany hökmünde gowşuryldy” – diýlip, Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Emirates Minting Factory Dubaýyň Al-Kuz senagat zolagynda ýerleşýän affinaž zawodyna eýeçilik edýär. Kärhana gymmat bahaly metallary arassalamak bilen meşgullanýar we her gün 1000 – 1200 kg altyny we kümüşi gaýtadan işlemäge hem eretmäge ukyplydyr.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......