Gemini çat-boty ulanyjynyň durmuşy we halaýan zatlary baradaky maglumatlary ýatda saklamagy öwrendi

  • 23.11.2024 11:49
  • 3.6k+

Google-yň Gemini çat-boty ulanyjynyň durmuşy, işi we halaýan zatlary baradaky maglumatlary ýatda saklamaga mümkinçilik berýän ýat funksiýasyna eýe boldy. Bu mümkinçilik Gemini-niň web wersiýasyndaky ulanyjylaryň çäkli mukdary üçin elýeterlidir.

ChatGPT-de şuňa meňzeş funksiýa eýýäm ulanylýar, bu çat-bot bilen aragatnaşyk kontekstini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy, mysal üçin, çat-bot bilen söhbetdeşliginde halaýan iýmitlerini agzap biler, soň bolsa restoran gözläninde Gemini bu maglumatlary tekliplerinde göz öňünde tutar we amatly wariantlary hödürlär.
Ýat funksiýasy Google One AI Premium-iň abonentleri üçin aýda 20 dollar. “Ýadyň” diňe Gemini web wersiýasynda peýda bolandygy we iOS hem-de Android üçin ykjam programmalarda entek ýokdugy bellendi. Mundan başga-da, ol häzirki wagtda diňe iňlis dilindäki talaplary goldaýar.
Şeýle-de bolsa, funksiýa islendik wagt ýapylyp biler. “Ýatlamalar” pozulýança saklanýar.
Google-yň wekili TechCrunch neşirine: "Siziň ýatda saklanan maglumatlaryňyz hiç ýere geçirilmeýär we modele öwretmek üçin ulanylmaýar" – diýip habar berdi.


şu gün 11:15
787

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 07:37
1.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......