4 — 6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

  • 23.11.2024 09:38
  • 2.5k+

4 — 6-njy dekabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergini we onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, TDH ýetirýär.

Bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......