Türkmenistan we Täjigistan söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar

  • 21.11.2024 09:50
  • 2.5k+

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna onuň kärdeşi Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şu nukdaýnazardan diplomatlar hereket edýän iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki wagtda hereket edýän Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň barşyna baha berdiler. Eksport-import amallaryny artdyrmak hem-de hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek ýaly meseleleri nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän şertleri kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.


Täjigistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen hem duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine garadylar.


05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....