Alymlar Plutony we Harony öwrenmeklige 50 ýyl sarp etmäge taýyn. “Persefona” missiýasy

  • 20.11.2024 11:46
  • 2.4k+

Barlagçylar topary Plutonyň ulgamyny öwrenmek üçin “Persefona” missiýasyny teklip etdiler. Onuň dowamlylygy 50 ýyla çenli bolup biler diýip, Phys.org habar berýär.

Şeýle missiýa 2015-nji ýylda karlik planetasy ulgamynyň we onuň hemrasy Haronyň ýanyndan geçip giden New Horizons zondy barlanandan soň ýüze çykan möhüm ylmy soraglara jogap berer.
New Horizons ýer ýüzüne gymmatly maglumatlary berdi, ýöne täze soraglar ýüze çykdy. Alymlary Koýper guşagynyň obýektleriniň ewolýusiýasy we düzümi, Plutonyň we Haronyň üstündäki üýtgeşmeler, olaryň magnit meýdanlary we içki gurluşy gyzyklandyrýar. Plutonyň Günden uzakdygyna garamazdan, onuň ýüzüniň  astynda ummanyň bolmagy mümkin diýen çaklamalar bar.
Missiýanyň taslamasy 31 ýyla niýetlenendir. Plutona uçup barmak üçin 28 ýyl gerek bolar, ýene üç ýyl missiýanyň orbital tapgyry bolar. Soňra bu missiýa Koýper guşagynyň beýleki obýektlerine hem giňeldilip bilner.
Apparat kameralar, spektrometrler, radarlar, magnitometrler, altimetrler we beýleki gurallar bilen üpjün ediler. Bu diňe bir Plutony we Harony däl, eýsem Ýupiter we onuň aýy ýaly ýolda duş gelen obýektleri hem öwrenmäge mümkinçilik berer.
Missiýanyň çak edilýän bahasy 3 milliard dollar. Uçuş 2031-nji ýylda SLS raketasynda amala aşyrylyp bilner. Missiýa üstünlikli bolsa Gün ulgamynyň iň uzak ýerleri barada bilimleri giňeltmäge mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....