Dünýäde iň baý şa maşgalasynyň baýlygy Maskyň we Geýtsiň bilelikdäki baýlygyndan 4 esse köp

  • 20.11.2024 11:11
  • 23k+

Saudlar hökmünde belli bolan Saud Arabystanynyň dolandyryjy şa nesilşalygy dünýäniň iň baý patyşa maşgalasydyr. Olaryň arassa kapitaly 1,4 trln ABŞ dollaryna barabar. Bu bolsa Ilon Maskyň we Bill Geýtsiň baýlygyny bilelikde alanyňdan hem dört esse köpdür.

Deňeşdirmek üçin, dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň baýlygy ABŞ-nyň 304 mlrd dollaryna ýetýär, Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň baýlygy bolsa 105 mlrd dollara barabar diýip, Express ýazýar.
Saudlaryň baýlygy, esasan, nebitiň uly gorlary bilen baglanyşyklydyr. Olaryň kaşaň durmuşy köp sanly köşkleri, hususy uçarlary, gämileri we ýokary bahaly sungat eserleriniň kolleksiýasyny öz içine alýar.
Saud Arabystanynyň patyşa maşgalasy çen bilen 15 müň agzadan ybarat, baýlygyň esli bölegi bolsa 2 müň töweregi agzanyň elinde jemlenýär.
Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň patyşasy 2015-nji ýyldan bäri dolandyrýan Salman bin Abdul-Aziz Al Sauddyr. Onuň ogullarynyň biri Muhammed bin Salman premýer-minist wezipesini eýeleýär. Maşgala uly satyn alyşlary işjeň alyp barýar, olaryň arasynda 300 mln dollara Fransiýadaky Chateau Louis XIV jaýy, 450 mln dollara Leonardo da Winçiniň “Dünýä halasgäri” suraty we 500 mln dollarlyk gämi bar.


01.04.2026 15:29
790

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...