Stol çekmesinde ýatdan çykarylan meteorit alymlara Marsdaky buzlaryň eremeginiň syryny çözmäge kömek etdi

  • 19.11.2024 14:15
  • 7.8k+

Perdýu uniwersitetiniň (PU) amerikan alymlary planetanyň sowamagyndan milliardlarça ýyl soň, Marsda köp ýyllyk buzlaryň eremeginiň sebäbini tapdylar. Gözlegçiler 700 million ýyldan gowrak köne mars meteoritinde suw yzlaryny tapdylar. Tapyndy baradaky maglumatlar bu ylmy edaranyň resmi web sahypasynda çap edildi diýip, rambler.ru ýazýar.

Hünärmenler 1931-nji ýylda Lafaýet şäherindäki Perdýu uniwersitetiniň binasyndaky stol çekmesinden tapylan, agramy 800 gram töweregi bolan başga planetaly gaýanyň bir bölegini öwrendiler. Bu obýekti, takmynan, 100 ýyl ozal ilkinji bolup kimiň tapyp uniwersitete getirendigi entek belli däl.
Lafaýet meteoriti Gün ulgamynyň iň beýik daglaryndan biri bolan Marsyň üstünden 14 km beýiklige çykyp, ýitip barýan wulkan Elizuimiň golaýyndaky kraterden dörän bolmagy ähtimal.
Daşlaryň seljermesi 742 million ýyl ozal suwuk suwuň täsir edendigini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, Marsyň ýüzüniň 3 milliard ýyl mundan ozal doňup, gurap gidendigi mälimdir.

"Biz şol wagt Marsyň üstünde köp suwuk suw bardyr öýdemzok. Munuň ýerine, suw permafrost diýilýän golaýdaky ýerasty buzuň eremeginden we permafrostyň Marsda wagtal-wagtal bolýan magmatiki işjeňlik sebäpli ýüze çykandygyna ynanýarys" diýip, gözlegiň ýolbaşçysy Marissa Tremblaý aýtdy.

Marsyň üstünde bolup geçen urgudan soň, meteorit kosmiki şöhlelere sezewar bolup kosmosa zyňyldy. Olaryň täsiri astynda emele gelen izotoplaryň ýaşy 11 million ýyla deňdir. Bu Elizium dagynda krateriň emele gelmegine gabat gelýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....