Barlaglar: ýat diňe beýnä däl, bedeniň ähli öýjüklerine mahsus bolup biler

  • 19.11.2024 11:59
  • 3.1k+

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag ýadyň diňe beýnä häsiýetli däldigini subut etdi. Nature Communications-de çap edilen makalada - gaýtalamak arkaly öwrenmek bedeniň ähli öýjükleri üçin esasy bolup biler - diýip bellenýär.

Neýrobiolog alym Nikolaý Kukuşkin: "Öwrenmek we ýatlamak adatça beýni bilen baglanyşyklydyr, ýöne biziň barlagymyz bedenimizdäki beýleki öýjükleriň hem öwrenmäge we ýatlamalary döretmäge ukyplydygyny subut edýär" – diýip nygtaýar.

Barlaghana şertlerinde barlagçylar beýnä degişli däl öýjükleri himiki impulslara sezewar etdiler. Netije bu öýjüklerde ýadyň emele gelmegi bilen baglanyşykly genleriň işjeňleşendigini görkezdi.

"Üç minutlyk impuls “ýadyň genini" bary-ýogy birki sagat we dört impuls bolsa birnäçe günlük işjeňleşdirdi " – diýip, alym belledi.

Kukuşkiniň sözlerine görä, bu açyşlar ýat bilen baglanyşykly keselleri öwrenmäge bolan çemeleşmäni üýtgedip, olary bejermegiň usullaryny kämilleşdirip biler.

“Ýat diňe beýnide däl, eýsem tutuş bedenimizde bar. Bedeni bütewi ýat ulgamy hökmünde göz öňünde tutmalydyrys. Mysal üçin, aşgazan asty mäzimiziň sagdyn ganyň glýukoza derejesini saklamak üçin öňki naharlarymyzy ýada salmagyny ýa-da himiýa bejergisiniň görnüşini ýada salýan rak öýjügini göz öňüne getiriň "-diýip, alym netije çykardy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....