Alymlar kömürturşy gazyndan täze ýangyç oýlap tapdylar: oňa “elektrobiodizel” diýilýär

  • 19.11.2024 08:03
  • 3.1k+

Waşington we Missuri uniwersitetleriniň gözlegçileri “elektrobiodizel” atly täze ýangyç görnüşini hödürlediler. Ösümlik kömürturşy gazyny gaýtadan işlemäge esaslanýar we CO₂ zyňyndylaryny azaltmaga kömek edip biljek ýokary netijelidir diýlip, "Cell" neşirindäki makalada ýazylýar.

ABŞ-nyň energetika maglumat Dolandyryşynyň habaryna görä, dizel ýangyjy 2022-nji ýylda ulag pudagyndan uglerod dioksidiniň zyňyndylarynyň 25%-ini emele getirdi. Bu meseläni çözmek üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ýangyç döretmeli. Täze usul tebigy fotosinteziň 1% häsiýetinden ep-esli ýokary bolan 4,5% netijelilige ýetmäge mümkinçilik berýär.
Önümçilik ýagdaýy kömürturşy gazyny asetat we etanol ýaly aralyk önümlere öwürýän elektrokatalizi öz içine alýar. Soňra bu maddalar täze ýangyç üçin esas bolan ýag kislotalarynyň sintezine getirýän mikroblar bilen biohimiki taýdan gaýtadan işlenýär.
Gözlegçiler “elektrobiodizel-iň" az uglerod yzy bolan ýangyç we beýleki materiallary öndürip, aýlaw ykdysadyýetiniň möhüm elementine öwrülip biljekdigini bellediler diýip, hi-tech.mail.ru ýazýar.

"Bu täze çözgüt fotosintezden has ýokary netijelilikde we nebit-himiýa önümçiliginden has az uglerod zyňyndylary bilen ýangyç, himiki maddalar, materiallar hem-de iýmit maddalary öndürmek üçin aýlaw ykdysadyýetde ulanylyp bilner" diýip, işläp düzüjileriň biri, ýagny Joşua Ýuan belläp geçdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....