TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri 2025-nji ýyl üçin işleriň maksatnamasyny tassykladylar

  • 18.11.2024 08:28
  • 2k+

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýokary edarasynyň agzalary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi boýunça Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylda bilelikdäki tagallalar bilen geçirilen çärelere ýokary baha berdiler. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, onuň çäklerindäki TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň forumy, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, halkara maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, konsertler bar.
Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady hem-de olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işiniň maksatnamasyny tassyklady.
Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama gol çekildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......