Hytaý köp gezeklik ýük kosmos gämisini döreder. Ol raketa bilen uçurylyp, ýere uçar ýaly gonar

  • 16.11.2024 20:31
  • 6.4k+

Çendu awiasiýa barlag instituty we Hytaýyň awiasiýa senagaty korporasiýasy (AVIC) Hytaýyň dolandyrylýan uçuşlar kosmos gullugy (CMSA) tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň çäklerinde işlenip düzülen täze Haolong ýük kosmos gämisiniň dizaýnyny hödürlediler. Taslama iki ýeňijiniň biri hökmünde saýlandy we önümçilige goýberilmezden ozal, barlag we işläp taýýarlaýyş tapgyrlaryndan geçer diýip, Space.com habar berýär.

Bäsleşik Ýeriň pes orbitasyna ýük äkitmek we getirmek üçin elýeterli, pilotsyz ulag döretmäge gönükdirilendir. Hytaýda NASA-dan görelde almak hem-de ylmy-barlag institutlary we önümçilik kompaniýalaryny şeýle apparatyň döredilişine çekmek kararyna geldiler. Teklip edilen wariantlardan ikisi, şol sanda häzirki wagtda düşünjäniň möhüm barlagyndan geçýän Haolong taslamasy saýlandy.
Kosmos gämisiniň esasy wezipesi - Tiangong orbital stansiýasyna goldaw bermekdir. Häzirki wagtda oňa tabşyrygyny tamamlandan soň, galyndy zibiller  ýüklengi ýagdaýda atmosferada  ýakylýan Týançou gämileri hyzmat edýär.
Synaglaryň ähli netijeleri ekipaž bilen bilelikde pilotly dolandyrylýan Shenzhou gämilerinde Ýere gaýtarylyp getirilýär, bu bolsa boş ýeri çäklendirip, oňaýsyzlyk döredýär.
Bar bolan maglumatlara görä, Haolongyň uzynlygy 10 metr we ini 8 metr, şattlyň ýük göterijilik ukyby 1,8 tonna bolar, bu Russiýanyň “Progressi” ýaly şuňa meňzeş ulaglaryňkydan azdyr. Şeýle-de bolsa, gämi köp gezek ulanmak üçin niýetlenendir.
NASA-nyň eýýäm şuňa meňzeş taslamasy bar - Sierra kompaniýasynyň Dream Chaser gämisi hem raketa arkaly orbita iberiler we şondan soň awtomatiki usulda uçuş-gonuş zolagyna gonar. Dream Chaser-iň ilkinji uçuşyny 2025-nji ýylda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.


düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......