Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar

  • 21.10.2025 12:00
  • 4.1k+

“Roskosmosyň” düzümine girýän “Energiýa” raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli dartyş güýjüni döretmäge ukyply ulgam üçin patent aldy. Degişli resminama Rospatentiň maglumatlar bazasynda çap edildi.

Beýanata görä, ulgam birnäçe moduldan düzülýär. Gurluşyň merkezinde statiki we aýlanýan bölekleri bolan, aralary germetik hereketli bogun arkaly birikdirilen ok moduly ýerleşýär. Şol ýerden her biri öz ýaşaýyş goldaw we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryna eýe bolan dört sany ýaşalýan modul radial görnüşde çykýar.
Bu gurluş stansiýanyň aýlanmagy arkaly merkezden gaçma güýjüni döredip, dartyş güýjüni simulýasiýa etmäge mümkinçilik berýär. Resminamada aýlanma tizliginiň 0,5 g çenli agram täsirini döredip biljekdigi, munuň hem Ýerdäki agyrlyk güýjüniň takmynan ýarysyna barabardygy görkezilýär.
Işläp düzüjiler ulgamynyň ygtybarlylygynyň ýokary bolandygyny belleýärler — hatda germetik bogunlaryň birinde bökdençlik ýüze çykan halatynda-da stansiýa işini dowam etdirip biler.
Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy uzak möhletleýin orbital bazalary döretmekde hem-de Aýa we Marsa gönükdirilen geljekki ekspedisiýalary taýýarlamakda möhüm ädim bolar.


02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......