SpaceX “Falcon 9” raketa göterijisiniň birinji basgançagyny 500-nji gezek Ýere yzyna gaýtardy

  • 17.10.2025 18:55
  • 3.1k+

16-njy oktýabrda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň nobatdaky uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ol orbita Starlink ulgamynyň 28 hemrasyny çykardy. Kompaniýa üçin bu uçuş aýratyn ähmiýetli boldy – raketanyň birinji basgançagy 500-nji gezek Ýere üstünlikli gaýdyp geldi.

Raketa Kanaweral burnundan uçuryldy. Sekiz minutdan soň bu missiýany üçünji gezek ýerine ýetirýän birinji basgançak B1095 Atlantikdäki ýüzýän platforma asuda gondy. Şeýlelikde, Falcon 9-yň birinji basgançaklarynyň umumy gonuş sany raketa göterijisiniň 547 uçuşynda 500-e ýetdi.
Ikinji basgançak uçuşyny dowam etdirdi we uçuşdan bir sagatdan soň diýen ýaly ähli hemralary orbita üstünlikli çykardy.
Falcon 9 ilkinji gezek 2010-njy ýylda uçuryldy we şondan bäri ençeme gezek döwrebaplaşdyryldy. Raketanyň häzirki wersiýasy Block 5 2018-nji ýyldan bäri ulanylýar. 15 ýylyň dowamynda SpaceX üçin Falcon 9-yň diňe iki missiýasy şowsuz boldy, bu hem ony taryhda iň ygtybarly raketalaryň birine öwürýär.
Ilon Maskyň kompaniýasy birinji basgançagy 2015-nji ýylda yzyna gaýtaryp, gaýtadan ulanyp başlady. Şonuň netijesinde uçuşlaryň bahasy ep-esli azaldy. Häzir Falcon 9-yň käbir bloklary 30 gezege çenli uçýar, SpaceX-iň inženerleri bolsa bu görkezijini 40-a ýetirmegi göz öňünde tutýar.
2025-nji ýylda kompaniýa Falcon 9 raketasynyň 130 uçuşyny amala aşyrdy we ýylyň ahyryna çenli ony 170-e ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki günde dünýäde raketalaryň ähli orbital uçuşlarynyň ýarysyndan gowragy SpaceX-iň paýyna düşýär.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......