SpaceX-iň weterany we maýyp arabasyndaky gyz New Shepard raketasynda suborbital uçuşa ugrar

  • 21.10.2025 11:57
  • 3.9k+

SpaceX-iň öňki inženeri Hans Kýonigsmann Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard raketasynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda suborbital uçuşa gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy diýip, Ars Technica ýazýar.

Kýonigsmann — SpaceX-iň ilkinji we iň abraýly işgärleriniň biridir. Ilon Mask 2002-nji ýylda kompaniýany esaslandyranda, oňa diňe birnäçe adam goşulypdy. Hereketlendirijilere jogapkär Tom Mýuller we raketanyň gurluşyny işläp düzen Kris Tompson bilen bir hatarda Kýonigsmann hem ilkinji gatnaşanlardan bolupdy. Ol Falcon 1 uçarlarynyň dolandyryş ulgamlarynyň döredilmegine ýolbaşçylyk edip, SpaceX uçuşlarynyň howpsuzlygyna hem jogapkärdi. Kompaniýada takmynan 20 ýyl işläp, 2021-nji ýylyň ahyrynda ol ýerden gitdi.
Uçuşda onuň dosty Mihaela “Miçi” Bentaus hem ýoldaş bolar. Bu waka taryhy ähmiýete eýe bolar — sebäbi Bentaus maýyp arabasyndaky ilkinji adam hökmünde suborbital uçuşa gatnaşar. 2018-nji ýylda welosiped sürüp barýarka, ol heläkçilige uçrap, oňurga ýiligine şikes ýetiripdi.
Blue Origin kompaniýasy NS-37 missiýasynyň takyk senesini we ekipažyň doly düzümüni ýakyn günlerde resmi taýdan yglan eder.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....