SpaceX kompaniýasy Starship V2-niň soňky uçuşyndan täsirli kadrlary görkezdi

  • 19.10.2025 16:58
  • 4.1k+

SpaceX 14-nji oktýabrda bolan Starship V2 raketasynyň soňky synag uçuşyndan täze we örän täsirli kadrlary hödürledi. X sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda missiýanyň iň esasy tapgyrlary – raketanyň uçuşy, basgançaklaryň bölünip aýrylyşy we suwa gonmazdan öň atmosfera girişi görkezilýär.

“Starship on birinji uçuş wagtynda Ýeriň atmosferasyna gaýdyp gelýär. Bu uçuşyň dowamynda ýygnalan maglumatlar tutmak we gaýtadan ulanmak üçin uçuş ýerine gaýdyp geljek indiki Starship missiýalary üçin ulanylar” – diýlip, SpaceX suratlara teswir berdi.

Häzir SpaceX raketanyň we tizleşdirijiniň täze nesliniň – Starship V3-üň üstünde işleýär. Resmi däl maglumatlara görä, bu wersiýanyň ilkinji uçuşy ýylyň ahyryna çenli bolup biler. Eger synaglar üstünlikli geçse, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Starship raketasyny Optimus gumanoid roboty bilen Marsa ibermek meýilleşdirilýär. Bu barada ozal Ilon Maskyň özi aýdypdy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......