20-21-nji noýabrda Türkmenabatda Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisi geçiriler

  • 16.11.2024 08:35
  • 6.4k+

20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasyny, sebitara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.


şu gün 19:25
69

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......