Adamlar 30 müň ýyl ozal nähili bezeg ulanypdyrlar? Ýeniseýiň kenaryndan bu sowalyň jogaby tapyldy

  • 15.11.2024 20:18
  • 7.6k+

Alymlar Hakasiýadaky Sabanihanyň arheologik ýadygärliginden, takmynan,  35-30 müň ýyl töweregi ýaşy bolan derýa daşlaryndan ýasalan gadymy bezegi tapdylar. Muny Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň Daş asyry arheologiýasy bölüminiň müdiri Mihail Şunkow mälim etdi diýip, TASS ýazýar.

“Bu ortaky Ýeniseý Sabaniha mekanyndaky gyzykly ýadygärlik. Ol uzak wagt bäri öwrenilip gelinýär, indi bu gözlegler täze hil tapgyryna çykdy. Ýadygärlik ýokarky paleolit döwrüne degişlidir. Bu ýerde gaty täsin açyş edildi. Ol şeýle irki döwre üçin gaty seýrek we üýtgeşik açyş boldy. Tapyndylar iki tarapy ýalpyldawuk daşlar bolup, olarda geometrik şekiller we bezegler ulanylýar. Geljekde ony okamaga we düşündirmäge synanyşarys" diýip, Şunkow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tapyndy sebitiň gadymy ilatynyň ilkinji estetiki pikirlerine şaýatlyk edýän bezegdir.

“Bularda sebit üçin gadymy ilatyň mukaddes pursatlarynyň we estetiki zerurlyklarynyň beýanyny görýäris. Bu indi günortada, Altaýda açylan iň gadymy sungat eserleriniň içinde juda gyzyklysy" diýip, alym sözüniň üstüne goşdy.

Sabaniha ýadygärligi ozal arheologlara, takmynan, 25 müň ýyl ýaşy bolan daş we süňk tapyndylar ýygyndysyny berdi. Bu ýerden derileri we süňkleri işlemek üçin gadymy ussahana hem tapyldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....