2025-nji ýylda Aýda ösümlikleri ýetişdirip görmek üçin synaglar başlanar

  • 14.11.2024 23:44
  • 3.9k+

Awstraliýanyň “Lunaria One” startap kompaniýasy Amerikanyň “Intuitive Machines" hususy kosmos kompaniýasynyň 2025-nji ýyla meýilleşdiren Aý missiýasyna gatnaşar. Lunaria One Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde, ýagny Aýda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça synaglary geçirmäge taýýarlanýar diýip, The Guardian gazeti ýazýar.

Missiýanyň çäginde “Lunaria One” kompaniýasy “Intuitive Machinesiň" Aý modulyna tohum we ösümlikler bilen ýörite kapsula ýerleşdirer. Kapsula Aýa barmak üçin 380 müň kilometr aralygy geçmeli bolar.
“Lunaria One-yň" direktory Loren Felliň pikiriçe, ALEPH diýlip atlandyrylýan synag ösümlikleriniň uzak möhletleýin saklanyşa, işe girizilende, ýer üstündäki daşky şertlere we Aýyň temperaturasynyň üýtgemegine, ýagny Aýyň -130° C-dan 120° C-a çenli çydap biljekdigini barlag ederler.
Taslamanyň ylmy geňeşçisi Awstraliýa uniwersitetiniň bioinžener professory Keýtlin Birt bu missiýanyň aşa ýiti şertlerde fotosintetik organizmleriň mümkinçiliklerini öwrenmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Häzirki gözlegler geljekki Aý we Mars missiýalary üçin hem-de iýmit we Ýeriň daşyndaky beýleki çeşmeleri döretmek üçin peýdaly bolup biler. Mundan başga-da, alymlaryň pikirine görä, kosmos täzelikleri oba hojalygynda planetamyz üçin peýdaly bolup biler. Meselem, tebigy ýa-da tehnogen betbagtçylygyndan soň azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek islegimiz bolup biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....