Täze doglan bäbeklere gaýragoýulmasyz kömek hyzmatyny guramak boýunça okuw geçirildi

  • 12.11.2024 23:11
  • 16k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri üçin çagalara we täze doglan bäbeklere gaýragoýulmasyz kömek hyzmatyny guramak boýunça okuw geçildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde guralan okuwlara Aşgabadyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuwy halkara hünärmenler Dmitriý Sankawes we Mihail Strižak alyp bardy. Okuwyň nazary bölegi Halkara okuw-ylmy merkezinde, amaly bölegi bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçirildi.
Okuwyň netijesinde saglygy goraýyş işgärleri bäbekler we çagalar babatynda adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak endiklerini ösdürdiler. Bu başlangyç, 2021–2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn gelejek» atly milli strategiýanyň maksatlaryna laýyk gelýär. Bu maksatnama saglygy goraýyş ulgamynyň çagalara ýokary hilli we elýeterli ideg bermek mümkinçiligini güýçlendirýär.
Saglygy goraýyş işgärleriniň idegiň möhüm jähetleri boýunça mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak bäbekleriň we çagalaryň arasynda diri galma derejesini ýokarlandyrmak we maýyplygy azaltmak üçin, möhüm çäredir.


20.06.2026 12:08
6.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......