Filippinlerde horaz şekilindäki myhmanhana Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 10.11.2024 10:58
  • 22k+

Filippinlerde täze bir özüne çekiji ýer peýda boldy: Günbatar Negros welaýatynyň uly bolmadyk dynç alyş şäheri Kampuestohanda horaz şekilinde otel guruldy. Beýikligi 35 metr bolan bina bu guşuň şekilindäki iň beýik desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Taslama işine alty aý töweregi wagt sarp edildi, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanan gurluşyk bolsa 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlandy.

“Men ünsi çekjek we medeniýetimizi görkezjek üýtgeşik bir zady döretmek isledim. Bu horaza serediň: ol parahat we hökümli, haýbatly we güýçli görünýär, ol güýçli ýele garşy durmagy we bäsdeşleriň basyşyna çydamagy başarýar – bu biziň halkymyzyň islendik kynçylyklardan, çökgünliklerden we synaglardan soň çalt dikelmäge mümkinçilik berýän esasy häsiýetlerini görkezýär. Bizde söweşjeň horazlary köpeltmek senagaty diňe şeker önümçiliginden yza galýar” – diýip, dynç alyş ýeriniň müdiri Rikardo Kano Gwapo Tan gürrüň berýär.

Ol oteliň sebitiň ýaşaýjylaryny gyzyklandyryp biljekdigini, sebäbi söweşjeň horazlaryň ýerli medeniýetiň we ykdysady durmuşyň aýrylmaz bölegidigini sözüniň üstüne goşdy.

“Haçan-da biziň şeker senagatymyz çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolanda, hut söweşjeň guşlaryň köpeldilmegi köp hojalyklara goldaw berdi” – diýip, Tan belledi.

Binanyň açylmagy ýerli KHBS-iň ünsüni özüne çekdi, dabara bolsa Ginnesiň kitabynyň şahadatnamasynyň gowşurylmagy bilen utgaşdy.

“Men hem buýsanýaryn, hem tolgunýaryn. Öz welaýatymy we eziz ýurdumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizendigime buýsanýaryn. Tolgunmagymyň sebäbi bolsa, men garyplykda ulaldym we iýjegimi gazanmak, mekdebe gitmek üçin köwüş arassalaýjy bolup işläpdim. Ýöne indi meniň maşgalam, welaýatym we ýurdum bu üstünlige buýsanyp biler”.

Otelde kondisioner, uly krowat, duş, telewizor we beýleki amatlyklary bolan 15 otag bar. Oteliň çäginde tolkunly uly basseýn we üç sany ýüzmek üçin basseýn, restoran, kafe, ýerli stilde külbeler bar. Çagalary begendirmek üçin bolsa dinozawrlaryň we supergahrymanlaryň ýüzlerçe şekili goýuldy.


şu gün 16:31
1.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

şu gün 14:41
2.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

şu gün 00:59
5.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.4k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......