Häzirki wagta çenli raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi - Serdar Berdimuhamedow

  • 09.11.2024 09:38
  • 14k+

Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşygynda belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hem yzygiderli we netijeli häsiýete eýedir. Bu müdirlik bilen geçen döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde anyk işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

“Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýär we olara ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......