Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

  • 07.11.2024 13:41
  • 3.4k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi Seýed Abbas Aragçi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, şu ýylda geçirilen duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklary geçirmegi nazara almak bilen, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Ministrler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtadylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi, onuň nobatdaky 18-nji mejlisini ýylyň ahyryna çenli geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeniýet ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bilelikdäki çäreleri,  şol sanda «Iran Agro Food» sergisini, Çagalaryň dostlugy hepdeligini, zergärçilik boýunça ussatlyk sapaklaryny we ş.m. geçirmek barada ylalaşdylar.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......