Şondong dünýäniň iň uly gowagy hökmünde ykrar edildi: oňa Giza pramidasynyň 15 sanysy ýerleşip biler

  • 04.11.2024 13:36
  • 9.3k+

Wýetnamdaky Şondong gowagy (Hang Son Doong) dünýädäki iň uly gowak hökmünde ykrar edildi. Live Science-iň ýazmagyna görä, onuň içinde diýseň ýer köp bolup, ol ýerde Beýik Giza piramidalarynyň azyndan 15-si ýerleşip biler.

Gowak Fongnýa-Kebang milli seýilgähinde 1990-njy ýylda ýerli ýaşaýjy aw awlaýarka tötänleýin tapyldy. Ýöne gowakdan çykandan soň, ony tapyp bilmedi, sebäbi girelge ýapraklaryň aňyrsynda gizlenipdi. Birnäçe ýyldan soň gowak ýene ýüze çykaryldy. 2009-njy ýylda Beýik Britaniýanyň speleologlary gowaklary öwrenip başladylar we onuň şu wagta çenli mälim bolan iň uly tebigy gowakdygyny anykladylar. Gowagyň umumy göwrümi 38,5 million kub metre ýetdi.
Şeýle-de bolsa, täze gözlegler Şondongyň hünärmenleriň pikir edişinden has uludygyny görkezdi.  Netijede, suwasty tunel arkaly Hang Thung atly başga bir gowaga birikdirildi.  Bu baglanyşyk, gowagyň göwrümine 1,6 million kub metr goşýar. Ol görkeziji Beýik Piramidanyň ýene iki üçüsiniň gowaga ýerleşýändigini görkezýär diýmekdir.

“Bu Ewerestiň çür depesinden kimdir biriniň ýene 1000 metr beýiklikdäki gaýany tapanyndaky ýalydyr. Dünýädäki islendik gowak Şondongyň içinde rahat ýerleşip biler - bu örän uludyr" diýip, iňlisleriň gowaklary öwrenijisi we “Oxalis Adventures” syýahatçylyk agentliginiň tehniki müdiri Goward Limbert belleýär.

Gowagyň geçelgeleri şeýle bir giň welin, ondan Boeing 747 uçup bilýärdi.
Şondong agaç meýdany, tokaý aýratynlyklary bilen, asmandan şöhle düşýän özboluşly tebigy ýerdir.  Gowagyň ady “Dag derýasy” diýlip terjime edilýär. 
Speleologlaryň pikiriçe, gowak 2-3 million ýyl ozal Aziýanyň iň uly hek daşy massasynyň içinde emele gelipdir.
Şondongda 80 metrlik “Itiň eli” we meşhur Wýetnam diwary - kalsitden ýasalan 90 metrlik päsgelçilik bar. Bu tapyndylar Şondongy diňe bir özboluşly tebigy mekana öwürmän, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary we jahankeşdeleri özüne çekip, tebigy ewolýusiýa hadysasynyň seýrek mysaly hökmünde örboýuna galdy.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:36
6.4k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......