“Herekete – bereket”: hindistanly inžener 500 hat bilen ahyry Tesla-nyň işgäri boldy

  • 03.11.2024 14:35
  • 19k+

Hindistanly inžener Ilon Maskyň Tesla kompaniýasyna 500 hat ugradyp, ahyrynda ol ýerde iş tapdy. Bu barada ol Mint neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Druw Loýýa ABŞ-a ilkinji gezek talyp hökmünde halkara maksatnamasy arkaly geldi. Ol amerikan uniwersitetiniň diplomyny gowy ortaça bal bilen aldy. Okuwy gutarandan soň, birnäçe IT kompaniýalarda tölegsiz tejribelik geçdi. Ýöne rezýumesiniň gowudygyna garamazdan, ol iş tapyp bilmedi. Bäş aýlap Loýýa dostlarynyň öýünde boldy, sosial ätiýaçlandyryşy bolmazdan ýaşady we wizasynyň möhletiniň gutarmagy sebäpli deportasiýa edilmeginden gorkdy.

Ahyrynda ol islendik ýol bilen dünýäde iň meşhur elektrokarlary öndürijileriň biri bolan milliarder Ilon Maskyň Tesla kompaniýasynda iş tapmaly diýen karara gelýär. Loýýa boş iş orunlaryna 300 gezekden köp seslenýär, kompaniýanyň dürli bölümlerine 500 töweregi hat iberýär, şeýle-de bäş aýyň dowamynda 10-a golaý söhbetdeşlik geçirýär. Netijede, onuň yhlasy miwe berýär: ol kompaniýadan teklip alyp, tehniki goldaw hünärmeni bolýar.

Druw Loýýanyň bu wakasy dürli kynçylyklara garamazdan öz maksadyna tarap ymtylýanlar üçin höweslendiriji mysaldyr. Onuň tutanýerliligi, özüne bolan ynamy we ahyryna çenli göreşmäge taýýarlygy üstünlige we häzirki döwrüň iň innowasion kompaniýalarynyň birinde iş almagyna getirdi.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......