«Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhana gurlar

  • 02.11.2024 09:39
  • 4.1k+

Anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler barada hem aýtdy.
Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak zerurdyr. Munuň özi geljekde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän, lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek üçin gerek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......