Moskwada geçirilen halkara maslahatda Magtymgulynyň dünýä medeniýetine goşandy maslahatlaşyldy

  • 31.10.2024 14:31
  • 2.7k+

28-nji oktýabrda Paşkow öýünde (RF) Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäre Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde geçirildi.
Maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.
Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Baş direktory W.Duda we Nury Halmamedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Guseýnow, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Magtymguly Pyragynyň eserlerini okyjylar onlaýn we oflaýn görnüşde gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýändigi we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......