Türkiýe bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn söwdasy ýanwar-awgust aýlarynda 1,532 mlrd dollara ýetdi

  • 31.10.2024 13:23
  • 2.7k+

2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 1,532 mlrd dollara barabar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16% köpdür. Şeýle maglumatlary Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetindäki makalada getirýär.

Wekil geçen ýylyň jemi boýunça umumy söwda möçberiniň 2,6 mlrd dollar bolandygyny we indi ýurtlaryň bu mukdary iki esse artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

“Biz ýakyn geljekde döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda öňde goýlan umumy maksada – bäş milliard dollarlyk söwda dolanyşygyna ýeteris diýip pikir edýäris” – diýip, ilçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, yzygiderli ýokary derejeli saparlar ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýä amala aşyran saparyny, şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň III Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagyny belläp geçdi. Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň hem geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherine eden sapary netijeli boldy, onuň dowamynda 150-ä golaý türk işewüriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy gurnaldy.

“Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri türk kompaniýalary Türkmenistanda müňden gowrak taslamany üstünlikli tamamlady. Bu Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bolan ynamyny görkezýär. Türk kompaniýalary Türkmenistanda elektrik stansiýalary, elektrik geçirijiler, awtomagistral, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, uniwersitetler, mekdepler, jemgyýetçilik binalary, myhmanhanalar, fabrikalar, muzeýler, seýilgähler, hassahanalar we port gurluşygy ýaly tehnologiýalary talap edýän möhüm infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirdi” – diýip, Demirok belledi.

Ol häzirki wagtda türk kompaniýalary tarapyndan 4,4 mlrd dollarlyk 19 taslamanyň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, olaryň Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň we “Aşgabat-sitiniň” gurluşygy ýaly täze iri taslamalara mundan beýläk-de gatnaşjakdygyna umyt bildirdi. 


şu gün 15:48
1

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......